Sepleriň elýeterliligi

Azeri žurnalistiniň tussaglyk möhleti uzaldyldy


Hadija Ismaýilowa

Hadija Ismaýilowa

Azerbaýjanyň sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hadija Ismaýilowanyň suddan öňki tussaglygynyň wagt möhletini uzaltdy.

Bakunyň Sabaýil etrap sudunyň kararyna görä, Ismaýilowanyň 5-nji fewralda gutarýan tussaglyk möhleti ýene iki aýa uzaldylýar.

Ismaýilowa 5-nji dekabrda tussag astyna alnyp, suddan öň iki aýlyk türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ismaýilowa başga birini öz janyna kast etmäge ündemekde günälenýär. Žurnalistiň tarapdarlary aýyplamalaryň syýasy sebäplere baglydygyny aýdýarlar. Ysmaýilowanyň tussag edilmeginden bir gün öň Azerbaýjanyň prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Ramiz Mehdiýew žurnalisti dönüklikde aýyplady.

Dekabryň aýagynda AÝ/AR-nyň Bakudaky edarasynyň içi döküldi, häkimiýetler ony ýapmak kararyny yglan etdiler. Onlarça žurnalist polisiýa tarapyndan soraga çekildi.

XS
SM
MD
LG