Sepleriň elýeterliligi

Oswensim: Azat edilmeginiň 70-nji ýyl dönümi


Holokostda diri galanlar wepat bolanlary ýatlamak üçin Oswensime jemlenýärler, 27-nji ýanwar, 2015.

Holokostda diri galanlar wepat bolanlary ýatlamak üçin Oswensime jemlenýärler, 27-nji ýanwar, 2015.

Polşada ýerleşýän Oswensim (Auschwitz) ölüm lagerinde diri galan bendileriň sowet goşuny tarapyndan faşistlerden azat edilmeginiň 70-nji ýyl dönümi bellenýär.

Oswensimde diri galanlardan birnäçe ýüz adamyň, daşary ýurtlaryň hökümet resmileri we ýokary derejeli wekilleri bilen bilelikde 27-nji ýanwarda geçirilýän çärelere gatnaşýandygy habar berilýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Oswensimiň faşistlerden azat edilmeginiň senesini bellemek boýunça çärede 26-njy ýanwarda Berlinde eden çykyşynda ýewreýleriň Holokost gyrgynçylygynda diri galanlara ýüzlenip, ýewreýleriň Germaniýada zorluklara sezewar edilmegini “masgaraçylyk” we adamlaryň bir- birine edip biljek zulumy barada “ýatlatma”diýip atlandyrdy.

27-nji ýanwarda Holokosty ýatlamak boýunça halkara güni bellenýär, Oswensim faşistik Germaniýanyň çak bilen 6 million ýewreýi gyrgyna berip, amala aşyran genosidiniň iň ýowuz simwollarynyň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG