Sepleriň elýeterliligi

Auschwitz ýatlanýar


Auschwitz lageriniň ozalky tussagy, ukrainaly Ihor Maliçki lageriň azat edilmegi boýunça geçirilen çärä gatnaşýar. 27-nji ýanwar, 2015 ý.

Auschwitz lageriniň ozalky tussagy, ukrainaly Ihor Maliçki lageriň azat edilmegi boýunça geçirilen çärä gatnaşýar. 27-nji ýanwar, 2015 ý.

Nasistleriň Polşadaky Auschwitz ölüm lagerinde aman galan tussaglaryň gyzyl goşun tarapyndan azat edilmeginiň şu gün 70 ýyllygy bellenilýär.

27-nji ýanwarda geçiriljek şu günki çärä Auschwitz lagerinden aman galanlaryň we ençeme daşary ýurt hökümetleriniň hem gatnaşamagyna garaşylýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Auschwitz lageriniň azat edilmegine bagyşlanyp 26-njy ýanwarda Berlinde geçirilen çärede Germaniýada ýewreýleriň yzarlanmalara we rehimsizlige sezewar edilmeginiň “utanç bir iş” bolandygyny aýtdy.

Merkel Auschwitz lageriniň adamlaryň birek-biregiň garşysyna nähili ýaramaz işleri edip biljekdigi dogrusyndaky “bir duýduryş” bolmalydygyny aýtdy.

27-nji ýanwar – Holokostyň Halkara ýatlama güni hökmünde bellenilýär. Auschwitz lageri hem nasistik Gemaniýa tarapyndan amala aşyrylan genosidiň simwollarynyň biridir. Bu lagerde 6 milliondan gowrak ýewreý öldürildi. Jemgyýetyň azlyk toparlary, şol sanda gomoseksuallar, ruhy taýdan hassalar hem öldürildi.

Merkel häzir Germaniýada musulmanlara garşy protestleri geçirýänlere Auschwitz lagerini mysal hökmünde getirdi. Merkel: “Biz Germaniýany öz öýi edinen adamlara garşy ýigrençden doly çagyryşlaryň edilmegini islemeýäris” diýdi.

Sowet goşunlary Auschwitz lagerini 1945-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda azat edipdiler.

Russiýa

Häzir bellenilýän sene – onsuz hem Ukrainadaky krizis bilen baglylykda dartgynly – Russia bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ýitileşdirdi. Russiýa Polşanyň we Ukrainanyň resmileriniň lageriň esasan ukrainlar tarapyndan azat edilendigini öňe sürendikleri bilen bagly öz nägileligini bildirdi.

Lageriň Ukrain frontunyň gatnaşmagynda azat edilendigi hasaba alnan bolsa-da, ol frontuň düzüminde dürli milletlerden bolan adamlar bardy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 27-nji ýanwarda geçirilýän çärelere gatnaşmajakdygyny mälim etmesi, ýagdaýlary has-da dartgynlaşdyrdy.

Käbir habar serişdeleri Polşanyň prezidenti Putiniň gelmezligi üçin bu hereketi ýörite matlap bilen etdi diýen çaklamalary hem öňe sürdüler. Emma Auschwitz-Birkenau döwlet muzeýi bu ýyl dünýäniň hiç bir liderine aýratyn çakylyk ugratmandygyny, diňe kimiň gatnaşjakdygyny sorap, bildiriş ýollandygyny mälim etdi.

Şu ýyl bellenilýän çärä Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollande we Germaniýanyň prezidenti Joachim Gauck hem gatnaşar. Emma Russiýa, ABŞ we Ysraýyl bu çärä özleriniň degişlilikdäki pes derejeli hökümet resmilerini ýollamagy karar etdiler.

XS
SM
MD
LG