Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde ykdysady azatlyga baha berildi


Ykdysady Azatlygyň Indeksi -2015.
Ykdysady Azatlygyň Indeksi -2015.

Ykdysady azatlygyň indeksi atly täze hasabatda Baltiýa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ençemesiniň Sowet Soýuzynyň 1991-nji ýylda dargamagyndan soňky döwürde Orsýetden has öňe saýlanandygy aýdylýar.

“The Heritage Foundation” (“Miras fondy”) we “The Wall Street Journal” neşri tarapyndan bilelikde taýýarlanan 178 ýurdy öz uçine alýan 2015-nji ýyl boýunça hasabatda Orsýet 143-nji orunda durýar, we “aglaba azat däl” ýurtlaryň hataryna girýär.

Öňki sowet ýurtlaryndan Baltiýa döwletleriniň ykdysady taýdan iň azatdygy hasabatda aýdylýar. Merkezi Aziýa boýunça Gazagystan öňde barýar we sanawyň 69-njy setirinde ýerleşýär.

Türkmenistan ykdysady azatlyk boýunça täze hasabatda dünýä derejesinde iň yzagalak ýurtlaryň toparyna girýär we 178 ýurduň arasynda 172-nji ýerde görkezilýär.

XS
SM
MD
LG