Sepleriň elýeterliligi

Tripoli: Myhmanhana hüjüm edildi


"Corinthia Hotel" myhmanhanasynyň daşynda, Tripoli, 27-nji ýanwar, 2015.

"Corinthia Hotel" myhmanhanasynyň daşynda, Tripoli, 27-nji ýanwar, 2015.

Liwiýadan gowuşýan maglumatlarda paýtagt Tripolide söweşijileriň daşary ýurtlylaryň arasynda iň meşhur hasaplanýan myhmanhana hüjüm edendigi habar berilýär.

27-nji ýanwarda “Corinthia Hotel” myhmanhanasyna azyndan iki ýaragly adamyň hüjüm edip, girelgede ot açandygy, daşynda awtoulagda goýlan bombanyň partladylandygy aýdylýar.

Hüjümçileriň myhmanhananyň içinde adamlary zamun alandygy barada hem habar berilýär.

Twitter sosial ulgamynda “Yslam döwletiniň” söweşijilerine degişli hasapda bu toparyň myhmanhana hüjüm edendigi aýdylýar. Emma hüjümiň jogapkärçiligi resmi derejede doly tassyklanmady.

XS
SM
MD
LG