Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede, pulsuz galyp, başdan geçirenlerim


Stambul
Stambul

Ynha, şondan bäri henizem şeýle oýlanýaryn: görýäňizmi, meniň ýurdumda kimdir biri, tanamaýan ýazyjysyndan alty sany kitap alyp, oňa 600 türk lirasy möçberinde pul tölär öýdýärmisiňiz? Siz şeýdip bilermisiňiz?

Men, kireý kynçylygy we ol adam

Neşirýat işleriniň gutarmagyna birnäçe gün galypdy. Stambulda, Harbiýedäki her bir otagy aýratynlykda kireýine berilýän kwartira görnüşindäki jaýlaryň birinda bolýardym. Dogrusyny aýtsam, bir aýyň kireý möhleti dolup, indiki aýyň kireýini tölemelidim. Meniň welin, pulum gutarypdy.

Uzak günläp “Men bu öýüň kireý puluny nireden taparkam, ony nädip tölärkäm?” diýip, oýlanyp, kelle döwdüm.

Bakuwdaky tanyşlar bilen aragatnaşyk saklaýardym. Dostlarymy kitaplarymyň satylýan ýerlerine iberýärdim. Ol ýerleriň hiç birinden oňaýly netije alyp bilmedim. Käbirleri şeýle diýýärdi: “pullar dükanlardan entek ýygnalmandyr”, ýene birem “hasabat jemlenmändir” diýýärdi. Käbirleri bolsa, hasapçynyň işlemeýändigini bahana edýärdi. Şeýlelik-de Azerbaýjandan bir köpügem alyp bilmejekdigime ymykly göz ýetirip, ähli synanyşyklarymdan el çekdim.

Bäh, kimden pul sorap bilerkäm? Galamkeş dostumdanmy? Häzirki zaman azerbaýjan ýazyjysyndanmy? Ýagny, her kitabynyň puly diňe galyndy iýmit almaga ýetýän özümki ýaly kespli intelligentdenmi? Ýogsa, aktýor ýa-da aktrisa dostlarymdanmy? Taksilere harçlaýan puly alýan aýlygyndanam köp bolan sungat gahrymanlaryndanmy?

Şonuň üçinem, umuman, ýazyjylardan, şahyrlardan, aktýorlardan we aktrisalardan pul soramaga uýalýanam. Sebäbi bilýän, bu - eliň kiri diýilýän - pul şeýle adamlaryň iň uly problemasy we iň wawwaly ýeri. Şeýlelik-de öýe-de gaýdyp bilmedim. Taksimde (Stambuluň merkezi etraplarynyň biri – Red.)”Gezi parky” diýilýän seýilgähde oturyp, çilim çekmäge başladym. Sebäbi bilýärdim, anha, şol on bäş gatly jaýyň bosagasyndan ätlän mahalym öýüň eýesi “ýa kireýi töle, ýa-da ötägit!” diýjekdi. Şonuň üçinem bu ýerde oturyp, tä pul tapýançam çilim çekjekdim.

Iň azyndan iki guty “Mawy Lark” (Türkiýede iň arzan çilim) alarlyk pulum bardy. Pul tapanymdan soňam, öýe gidip, hezil edip ukydan ganýançam ýatjakdym. Ýöne puly nädip we nireden tapjak? Yhna, şeýdip, çuňňur oýa batyp otyrkam, bir orta ýaşly adam golaýyma gelip, ýanymda oturmak üçin rugsat sorady. Rugsadymy alyp, ynjaldy. Soň ol jübüsinden “Malboro” atly çilimiň gutusyny çykaryp, bir çilimi ernine gysdyrdy. Soňam menden otlyçöp (çakmak) sorady. Otlyçöpi jübimden çykaryp, onuň çilimini özüm otlap berdim.

Ara dymyşlyk düşdi. Seýilgäh adamlardan dolydy. Onda-da seýilgähde her milletden, her jynsdan her hili adamlar bardy. Meni gaýga goýan “pul tapmaklyk” aladasy bilen çilimi yzly-yzyna dartyp, şol adamlara tomaşa edýärdim. Birden ýanymdaky ýaňky adam türkiýe türkçesinde nirelidigimi sorady. Olarda şeýle adat bardy. Tanamaýan adamynyň adyndan, ýaşyndan owal ýurduny soraýarlar. Men bu sowala öwrenşipdim. Azerbaýjandandygymy aýtdym. Ol adam gaty mähirli gülümsiredi. Soň Stambulda näme iş edýändigimi sorady. Menem hiç bir iş etmeýändigimi, boş, bikärdigimi aýtdym. Ol tutanýerlilik bilen meniň işimi-pişämi öwrenmek isleýän ýaly: -Eýsem, Azerbaýjanda näme iş edýärdiň? - diýip sorady.

- O taýda-da bir edýän işim ýokdy - diýdim.

Ol adam geňirgenip, biraz sypaýy hem durnukly äheňde:

- Oglum, seniň bir işiň-pişäň ýokmy? - diýip, sowal berdi.

Men ýazyjydygymy aýtdym. Hasam geňirgenip, has çynlakaý görnüşde gyzyklanmaga başlady:

-Kitaplaryň barmy?

-Hawa, bar.

-Ýanyňdamy?

-Ýok, öýümde - diýdim.

-Eýsem, öýüň nirede? – diýende, maňa pisindi oturana meňzedi.

Onuň sowalyna nähili jogap berjegimi bilmedim. Dogrusyny aýtsam, çuňňur oýa batdym. Ol hem men jogap bermek islemeýändirin öýdüp, ýüzüni gapdala sowdy. Ol özüni, hamala, şeýle sowal bermedik ýaly alyp bardy. Birsalym dymyşlykdan soňra:

-Harbiýede. Kwartirada bolýaryn - diýdim.

-Hä, bärik gaty ýakyn ekeni. Men seniň kitaplaryňy okamak isleýän. Maňa öz kitaplaryňy satmagyňy haýyş edýärin.

Sataýynmy? Dogrudanam bu adam iki sany kitaba pul berip, alyp, okamak isleýärmikä? Kitaplaryň hemmesi azerbaýjan türkçesinde ýazylypdy we ol, belki-de, kitaplaryň diline düşünmekde kynçylyk çekjekdi. Şonuň üçinem men oňa sowal berdim:

-Eýsem, ol kitaplar size düşnükli bolarmyka? olar azerbaýjan türkçesinde ýazylan ahbetin!

-Düşünmeklik meniň öz işim dälmi eýsem? Sen meniň işime näme üçin goşulýarsyň? Diliňize düşünýärin. Men azerbaýjan edebiýatyny olaryň öz dilinde okapdym. Hä, indi aýt, bakaly, kitaplaryňy maňa satjakmy ýa ýok?

“Bu adam meniň bilen degişýär” diýip düşündim. Emma oňa kitap satyp biljek däldim. Çünki ol iki kitaba bary-ýogy 30 türk lirasy möçberinde pul tölejekdi we menem şeýle pula bary-ýogy dört guty “Mawy Lark” diýen çilim alyp biljekdim. Ol pul öýüň kireýine ýetjek däldi, şeýlelik-de öýüň eýesi-de meni goş-golamlarym bilen bilelikde köçä zyňjakdy.

Özüme ýer tapylmasa-da, goşlaryma ýer tapylypdy. Öýden doly çykmaly bolaýanymda, goşlar bilen köçede galmaklyk gaty kyn boljakdy. Ýöne bu ýagdaýy ol adama düşündirip bilmeýärdim. Dogrusyny aýtsam, ejiz görünmek islemeýärdim. Ony öz raýyndan gaýtarmaklyk üçin bir bahana gözledim. Edil şol pursatda:

-Bir kitap üçin saňa 100 türk lirasyny tölejek - diýdi.

Sypaýyçylykly güldüm. Hatda onuň degişýändigine ymykly ynanypdym. Eýsem, men görgüli iki kitaby almaklyk üçin şeýle janykýan, daşam bolmasa şeýle menzili geçip, birine şonça pul tölemek isleýän bir adama ilkinji gezek duş gelipdim. Gülmämi goýup, çynlakaý görnüşde soradym:

-Degişýäňiz öýdýän? Bir kitaba 100 türk lirasyny töleýän barmyka?

-Oglum, men kitaby dükandan alsam, ol ýerdäki bahadan alardym. Çünki, ol ýerde näçe pul töleýän bolsam, puluň köpüsi dükana galýar, ýazyja däl. Emma men kitaby ýazyjynyň özünden alýaryn. Bu aslynda ýönekeýje bir baha alnardan has möhüm bir zat. Ýöne, arzanam bolsa, ol kitaplary şeýle bahadan almak isleýärin. Bu meniň üçin möhüm bir taryhy waka bolar, eýsem men ol kitaplary ýazyjynyň hut özünden alýaryn ahbetin. Muňa derek tölejek 200 türk liramyň näme ähmiýeti bar?

Ol adamyň çynyny aýdýandygyna ymykly ynandym. Ol çyndanam iki kitaba 200 türk lirasy möçberinde pul tölemek isleýärdi. Ýöne ol pul meniň öýüň eýesine bermeli kireý puluma ýetenokdy. Näme etjegimi bilmedim. Şeýle puldan ýüz öwrüp biljek däldim. Sebäbi ol pul meniň öýüň eýesine bermeli pulumyň ýarpysydy. Derrew iki kitaby ol adama satmaklygy ýüregime düwdüm. Soňam ol puly öýüň eýesine berip, galan ýarpysyny hem ertir tölemäge razy etjekdim. Ertirem, belki, şeýle kitap satyn aljak bir adamy taparyn...

Ol adam bilen bilelikde meniň ýaşaýan öýüme tarap ýola düşdük. Otagyň gapysyny açyp, içerik girdim. Ony hem içerik çagyrdym, ýöne ol içerik girmän, gapyda garaşyp durdy. Kitaplarymyň hersinden birini getirip, oňa berdim. Ol iki kitabyň hem eýlesine-beýlesine seredip, biraz sahypalaryny dörjeledi. Soňra bolsa:

-Bu kitaplaryň her birinden ýene iki sanysyny getir - diýdi.

Geňirgenip, aljyrap, derläp, durşum bilen gara suw boldum. Içerik girip, her birinden ýene ik sanysyny getirip, oňa berdim. Kitaplary alandan soň, ol elini jübüsine sokdy. Pullaryny çykaryp, sanap durka şeýle diýdi:

-Meniň iki sany gowy dostum bar. Olar hem kitabyň janköýerleri. Hersinden birini olara sowgat üçin alýaryn. Ýöne senden bu kitaplaryň hemmesine öz goluňy çekmegi haýyş edýärin.

Sözüni tamamlan badyna, ol maňa 600 türk lirasyny uzatdy. Sandyrap duran elim bilen puly aldym. Soňra hem galam alyp, kitaplaryň hemmesine öz golumy çekdim. Ol elleşip, elimi gysyp, sagbolsun aýtdy. Meniň bilen tanşanyna şat bolandygyny aýdyp, hoşlaşdy. Ol gideninden soň otagda oturyp, pullary üns bilen sanamaga başladym.

Dogrudanam, bu 600 türk lirasyna barabar puldy we men ony alty sany kitapdan gazanypdym. Azerbaýjanda bolsa men şeýle puly iň azyndan 100 kitabym satylsa, diňe şonda gazanyp bilerdim. Ol wakanyň mende galdyran geň hem ajaýyp täsiri henizlerem ýitip gidenok.

Begenjimden aşak düşüp, öýüň eýesine 400 türk lirasyny berdim. Soň hem bir kafe baryp, nahar iýdim. Ondan soňam bir dükana girip, öz gowy görýän reňkim bolan ýaşyl reňkde bir köýnek satyn aldym.

Ol köýnegi köp wagtdan bäri geýmändim. Şu gün, ol köýnegi geýen badyma, derrew şol adam ýadyma düşdi we bolup geçen bu hadysany edil bolşy ýaly ýazmagy ýüregime düwdüm.

Ynha, şondan bäri henizem şeýle oýlanýaryn: görýäňizmi, meniň ýurdumda kimdir biri, tanamaýan ýazyjysyndan alty sany kitap alyp, oňa 600 türk lirasy möçberinde pul tölär öýdýärmisiňiz? Siz şeýdip bilermisiňiz?

XS
SM
MD
LG