Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan yslamçylara garşy göreşýär


Gyrgyzystanda öz garyndaşlaryndan alty adamy yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşmek üçin Siriýa ibermekde güman edilýän adam tussag edildi.

Çuý regionynyň polisiýasynyň metbugat-wekili Nurberk Toktosunowyň AÝ/AR-na 28-nji ýanwarda aýtmagyna görä, 29 ýaşly adam öz kakasyny, iki erkek we bir aýal doganyny, şeýle-de, ýene bir garyndaşyny Siriýanyň Rakka şäherine gidip, “Yslam döwletiniň” söweşijilerine goşulmaga yrypdyr.

Toktosunow derňewçileriň güman edilýän şahsyň öýünde ekstremistik mazmunly CD ýazgylaryny, çap görnüşli maglumatlary we kitaplary tapandygyny habar berdi.

Mundan bir gün öň Gyrgyzystanyň häkimiýetleriniň gadagan edilen Hizb ut-Tahrir guramasynyň agzalary bolandygyny boýun alan üç zenany ýurduň günortasynda tussag edendikleri barada habar berildi.

26-njy ýanwarda häkimiýetler Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýleriniň söweşiji bolmakda güman edilýär alty adamy tussag edendigini habar berdiler. Olaryň dördüsiniň Siriýada türgenleşik geçendigi çak edilýär.

XS
SM
MD
LG