Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Ukraina bitarap bolmaly


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukraina täze duýduryş bilen çykyş etdi we Kiýewi NATO-dan daşda saklanmaga çagyrdy.

Serbiýanyň neşri üçin ýazan we Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda 28-nji ýanwarda çap bolan makalasynda Lawrow “Ukrainadaky bölünişigiň dowam etmeginiň öňüni almak üçin onuň goşulyşmazlyk statusyny saklamagy iňňän möhüm”, diýip belledi.

Geçen aýda Ukraina ýurduň bitarapdygyny yglan edýän we onuň islendik harby bileleşige goşulyşmagyny gadagan edýän kanuny ýatyrdy.

Kanun häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýeti astynda 2010-njy ýylda kabul edilipdi.

Kiýew we NATO Orsýeti Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktde orsýetçi separatistlere ýardam bermekde aýyplaýarlar. Bu konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 5000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG