Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina 2 milliard dollar berýär


ABŞ Ukraina 2 milliard amerikan dollary möçberinde karz kepilligini bermek barada 28-nji ýanwarda ylalaşyga gol çekdi. Bu pul Ukrainanyň şu ýyl “gysga möhletli sosial çykdajylary” üçin kömegi göz öňünde tutýar.

Ylalaşyga Kiýewde ABŞ-nyň maliýe sekretary Jack Lew we Ukrainanyň maliýe ministri Natalia Ýaresko gol goýdular. Ukrainanyň ykdysadyýetini güýçlendirmek maksatly şuňa meňzeş kömegi ýylyň başynda Ýewropa Bileleşigi hem wada berdi. ÝB Ukraina 1.8 milliard ýewro (2.1 milliard dollar) hödürledi.

Ylalaşyga gol çekilmeginiň yzýany Lew ABŞ-nyň zerur bolan ýagdaýynda Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirmäge taýýarlyk görendigini belledi.

“Biziň esasy islegimiz diplomatik taýdan çykalga tapmak we ol sanksiýalary azaltmaga ýol berer, emma biz gerek bolsa has köp zat etmäge taýýar”, diýip ABŞ-nyň resmisi aýtdy.

27-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Ukraina düýpli maliýe kömegini bermek boýunça işi jemlemek barada telefon arkaly maslahat etdiler.

XS
SM
MD
LG