Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowo: Protestlerde onlarça adam ýaralandy


Kosowoda etnik albanlary kemsitmekde aýyplanýan serb ministriniň wezipesinden çetleşdirilmegini talap edýän protestçileriň we polisiýanyň arasynda 27-nji ýanwarda dörän çaknyşyklarda onlarça adam ýaralandy.

Polisiýa özüni daşlaýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardýan gazy ulandy. Çaknyşyklar paýtagt Priştinanyň merkezinde hökümet binasynyň daşynda boldy.

Bu nobatdaky protest aksiýasynda azyndan 80 adamyň, şol sanda 50 çemesi polisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berilýär. 150 çemesi adam tussag edilipdir.

Protestler zähmet we sosial üpjünçilik ministri etniki serb Aleksandar Jablanowiçiň iki hepde mundan öň eden çykyşynda albanlary serbiýaly dinçileriň prawoslaw mukaddes ýerlerine zyýarat etmegine päsgel berýän “ýabanylar” diýip atlandyrmagynyň yzýany başlanypdy. Jablanowiç soň bu sözleri üçin ötünç sorapdy.

XS
SM
MD
LG