Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwan ysraýyl esgerlerini ýaralady


Premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýyl «özüni synaga salmakçy bolýanlara güýç bilen jogap berer» diýdi.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýyl «özüni synaga salmakçy bolýanlara güýç bilen jogap berer» diýdi.

Ysraýyl Liwan bilen aralykdaky dawaly ýerde, goşun patrulyna edilen hüjüm netijesinde özüniň dört esgeriniň ýaralanandygyny aýdýar.

Şu arada BMG-niň günorta Liwandaky parahatçylyk saklaýjy güýçleri özleriniň bir agzasynyň öldürilendigini aýtdylar. Emma olar bu barada goşmaça aýdyňlaşdyrma bermediler.

Ysraýyl goşuny 28-nji ýanwarda, Şebaa fermalary etrabynda bir harby maşynyň tanka garşy ulanylýan raketa bilen urlandygyny aýtdy.

Liwanyň «Hizbulla» jeňçi topary bu hüjümi özüniň amala aşyrandygyny aýtdy.
Bu hüjümden biraz soň Ysraýylyň Golan belentliklerinde eýelän harby pozisiýalaryna hem minomýot oklary gelip urdy.

Şu arada Ysraýyl harbylary hem günorta Liwanyň içine top atdylar.

Premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýyl «özüni synaga salmakçy bolýanlara güýç bilen jogap berer» diýdi.

Benýamin Netanýahu 28-nji ýanwarda Gaza zolagy bilen serhetdeş Sderot şäherinde çykyp gürläp, şeýle diýdi:

«Häzirki pursatda Ysraýylyň Goranmak güýçleri demirgazykdaky wakalara jogap berýärler. Bizi demirgazyk serhetde synaga salýanlar kim hem bolsa, men olara şu ýerde, Sderotdan uzak bolmadyk Gaza zolagynda näme bolandygyna seretmegi maslahat berýärin. Şu geçen tomusda «Hamaz» özüniň dörän wagtyndan bäri iň gazaply zarbalara sezewar boldy we Ysraýylyň Goranmak güýçleri ähli frontlar boýunça kuwwatly herekete taýýardyr.»

Bu ýowuz waka Ysraýyl Siriýa garşy howa zarbalaryny uranyndan birnäçe sagat soň boldy.

Serhet regionyndaky dartgynlyklar soňky on günde, Ysraýylyň Siriýa uran zarbasy «Hizbulla» jeňçilerini we eýranly generaly öldürenden soň ýokarlanýar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG