Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň esgerleri Liwan bilen serhetde ýaralandy


Ysraýyl Liwan bilen aralykdaky dawaly ýerde, goşun patrulyna edilen hüjüm netijesinde özüniň dört esgeriniň ýaralanandygyny aýdýar.

Ysraýyl goşuny 28-nji ýanwarda, Şebaa fermalary etrabynda bir harby maşynyň tanka garşy ulanylýan raketa bilen urlandygyny aýtdy.

Liwanyň "Hizbulla" jeňçi topary bu hüjümi özüniň amala aşyrandygyny aýtdy.
Bu hüjümden biraz soň Ysraýylyň Golan belentliklerinde eýelän harby pozisiýalaryna hem minomýot oklary gelip urdy.

Şu arada Ysraýyl harbylary hem günorta Liwanyň içine top atdylar.
Premýer-ministr Benýamin Netanýahu Ysraýyl "özüni synaga salmakçy bolýanlara güýç bilen jogap berer" diýdi.

Bu ýowuz waka Ysraýyl Siriýa garşy howa zarbalaryny uranyndan birnäçe sagat soň boldy.

Serhet regionyndaky dartgynlyklar soňky on günde, Ysraýylyň Siriýa uran zarbasy "Hizbulla" jeňçilerini we eýranly generaly öldürenden soň ýokarlanýar.

XS
SM
MD
LG