Sepleriň elýeterliligi

"Antennalaryň aýrylmagy – betbagtçylyk"


Hemra antennalary. Aşgabat, 2013 ý.

Hemra antennalary. Aşgabat, 2013 ý.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda jaýlaryň ýokarsyndaky hemra antennalarynyň aýrylmagy we olaryň ýerine merkezleşdirilen antennalaryň oturdylmagy baradaky kararyň ýurt raýatlarynyň informasiýa almak mümkinçiligine ýetirjek täsiri barada Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň eksperti Ýohan Biir bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň hökümetiniň jaýlaryň ýokarsyndaky we gapdalyndaky çanak antennalary aýyrdyp, merkezleşdirilen antenna geçmek karary ýurtda adamlaryň informasiýa almak mümkinçiligine nähili täsir ýetirer?

Ýohan Biir: Bu karar ýa-da hökümetiň antennalary aýyrmak niýeti biz üçin garaşylmadyk bir zat däl, sebäbi prezidentiň çykyşlarynda hem satalit antennalarynyň şäherleriň görküni bozýandygy barada birnäçe gezek aýdylypdy.

Indi munuň güýje girizilmegi, ýagny antennalaryň aýrylmaly edilmegi bir betbagtçylyk. Sebäbi daşary ýurt telewideniýeleriniň hiç birine tomaşa edip bilmeseler, türkmen raýatlary diňe türkmen mediasy bilen oňmaly bolarlar. Ol ýerde bolsa düýpden hiç hili prýuralizm, ýagny dürlülik ýok.

Elbetde, bu syýasatyň güýç bilen durmuşa geçirilmegi bir betbagtçylyk. Emma internet elýeterliligi bolan adamlar, ol ýerdäki agyr senzura garamazdan, garaz bir informasiýa alyp bilerler. Ýöne umumy halk köpçüligi düýpden informasiýasyz galdyrylar.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen hökümeti çanak antennalary aýryp, informasiýa elýeterliligi meselesinde has gowy üpjünçilik ýa ýokary hilli hyzmat döredip biler öýtmeýärsiňizmi? Ýagny ol ýerde şeýle mümkinçilik görünmeýärmi?

Ýohan Biir: Eger hökümet hemra elýeterliligi we beýlekiler boýunça edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak isleýän bolsa, onuň ozaldan bar bolan infrastrukturany ýok etmegine hiç bir zerurlyk ýok.

Elbetde, eger hökümet bu meselede hyzmatyň hilini ýokarlandyrsa, biz muny gutlarys. Emma beýle etmek üçin hökümet öňki bar bolan infrastrukturany bozmaly däl. Onsoň bu ýerdäki resmi çäreler güman we şübhe bilen utgaşýar. Geliň göreliň, emma bu beýle bir heňe gelmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG