Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Separatistler täze basyşy yglan etdi


Orsýetçi separatist, Ukrainanyň Donetsk regionynyň Debalsewe şäheri, 28-nji ýanwar, 2015.
Orsýetçi separatist, Ukrainanyň Donetsk regionynyň Debalsewe şäheri, 28-nji ýanwar, 2015.

Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistler strategik şäherde hökümet güýçlerini gabandygyny yglan etdiler.

Gozgalaňçylaryň harby lideri Eduard Basurin Debaltsewe şäherini hökümetiň gözegçiligindäki beýleki giňişlikler bilen birleşdirýän uly ýoluň gozgalaňçylaryň eline geçendigini aýtdy.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekili Andriý Lysenko Debaltseweniň iki tarapdan gabalandygyny we “Grad” raketa sistemasy tarapyndan oka tutulandygyny habar berdi.

Ukrainanyň beýleki resmileri separatistleriň beýannamasynyň ulaltmadygyny aýtdylar.

Debaltsewe soňky hepdelerde güýçli söweşleriň gidýän şäherleriniň biri. Ak Tam bu ýagdaýy gozgalaňçylaryň “Orsýet tarapyndan goldanýan basyşy” diýip atlandyrdy.

Kiýew we Günbatar gözgalaňçylaryň 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Minskde gelnen ok atyşygy togtatmak baradaky ylalaşygy bozýandyklaryny aýdýarlar. Aprel aýyndan bäri Ukrainanyň gündogarynda 5000-den gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG