Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl özüni gorajakdygyny aýdýar


Ysraýyl “Hizballah” toparynyň hüjüminiň netijesinde iki esgeriniň öldürilmeginden soň özüni gorajakdygyny BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine aýtdy.

Ysraýylyň BMG-däki ilçisi Ron Prostoryň Howpsuzlyk Geňeşine we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moona ýazan hatynda “Hizballah ysraýyllylara zarba urýarka” Ysraýylyň çetde durmajagyny belledi.

28-nji ýanwarda “Hizballah” söweşijileri Liwan bilen serhetde Ysraýylyň harby kerwenini raketa okuna tutdular. Netijede Ysraýylyň iki esgeri öldürildi we ýedisi ýaralandy.

Mundan öň 18-nji ýanwarda Siriýanyň günortasynda Ysraýylyň howadan amala aşyran hüjüminiň netijesinde “Hizballah” toparynyň ençeme agzasy we eýranly general öldürildi.

XS
SM
MD
LG