Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 15 adam wepat boldy


Owgan resmileri gozgalaňçylaryň ýurtda amala aşyran iki hüjüminde 15 adamyň öldürlendigini aýdýarlar. Geçen aýda NATO-nyň Owganystandaky 13 ýyllyk söweş missiýasy formal taýdan tamamlansoň “Talybanyň” zorluklary dowam edýär.

Laghman regionynyň hökümetiniň metbugat-wekili 29-njy ýanwarda ýolda bolan bomba partlamasy zerarly Mehtar Lam şäherinde dört adamyň wepat bolandygyny aýtdy.

Ghazni welaýatynyň häkimiýetleri 28-nji ýanwarda agşam Andar etrabynda barlag geçiş nokadyna “Talybanyň” eden hüjüminde hökümete tarapdar ýaragly toparyň 11 agzasynyň wepat bolandygyny we altysynyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Häkimiň orunbasary Mohammad Ali alty gözgalaňçynyň öldürilendigini we ýedisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

“Talybanyň” metbugat-wekili Zabihullah Mujahid hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG