Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Kuba: Kastro talaplaryny öňe sürdi


Kubanyň prezidenti Raul Kastro iki ýurduň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin ABŞ-nyň Guantanamo Bay amerikan bazasyny gaýdyp bermegini, onlarça ýyl dowam edýän söwda gadagançylygyny ýatyrmagyny we Hawanany terrorçylyga ýardam berýän şäherleriň sanawyndan aýyrmagyny talap edýär.

Kastro Kosta Rikada geçýän regional sammitde eden çykyşynda Kubanyň we ABŞ-nyň doly diplomatik gatnaşyklar ugrunda işleýändiklerini we “eger şol problemalar çözülmese, diplomatik hereketleriň hiç bir manysynyň bolmajagyny” aýtdy.

Kastro öz talaplaryny ABŞ-nyň ýokary derejeli resmi toparynyň soňky 35 ýylda Hawana eden ilkinji saparyndan bir hepde geçensoň öňe sürdi. Kubanyň resmileri 1961-nji ýylda kesilen gatnaşyklary dikeltmek we ilçihanalary gaýdan açmak barada gepleşik geçiripdi.

Kastro we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurtlaryň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça niýetini 17-nji dekabrda bir wagtda yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG