Sepleriň elýeterliligi

HRW: Hukuk äsgerilmezligi uly ýalňyş


HRW-yň ýerine ýetiriji direktory Kenneth Roth

HRW-yň ýerine ýetiriji direktory Kenneth Roth

"Human Rights Watch" (HRW) guramasy özüniň ýyllyk hasabatynda dünýä ýüzündäki hökümetleriň köpüsiniň, howpsuzlyk synaglaryna garşy durmak üçin, adam hukuklaryny äsgermezlik etmekleri «uly ýalňyşlyk» boldy diýýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän topar 29-njy ýanwarda özüniň 2015-nji ýyldaky Dünýä hasabatyny çap etdi, onda 2013-nji ýylyň ahyryndan 2014-nji ýylyň noýabryna çenli aralykda dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn berilýär.

HRW-yň ýerine ýetiriji direktory Kenneth Roth özüniň bu hasabat baradaky tanyşdyryş sözünde geçen ýylyň aýratyn gowgaly ýyl bolandygyny aýtdy.

Ol bu pikirini Arap ýazy gozgalaňlaryndan soňky konfliktler, yslamçy ekstremistleriň Ýakyn Gündogarda, Aziýanyň we Afrikanyň käbir böleklerinde eden zalymlyklary, Ukrain krizisi üstünde Sowuk uruş döwründäkä çalymdaş dartgynlyklaryň döremegi bilen delillendirýär.

Roth bu krizisleriň döremeginde we beterleşmeginde adam hukuklarynyň bozulmalarynyň möhüm rol oýnandygyny bellemek bilen, olary çözmegiň esasynda adam hukuklaryny goramagyň we demokratiki jogapkärçiligiň ýola goýulmagynyň ýatandygyny öňe sürýär.

Mysal üçin, “Yrakdaky we Siriýadaky hökümetleriň sektantçylyk we kemsidiji syýasatlary hem-de olara halkara jemgyýetçiliginiň parhsyz garamagy «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň möwjäp galmagyndaky möhüm faktorlar boldy diýip, Roth aýdýar.

HRW-yň Ýewropa mediasynyň direktory Andrew Stroehlein AÝ/AR şeýle diýdi:

"Eger tutuş dünýä göz aýlasak, biz indi hakykatda howpsuzlyk aladalarynyň esasynda fundamental adam hukuklarynyň goralyp saklanmazlygy baradaky san-sajaksyz bahanalary görýäris. Bu, elbetde, täze bir zat däl, emma soňky geçen bir-iki ýylda tiz ýaýraýan hadysa öwrüldi."

Şeýle-de ol adam hukuklaryny kepillendirmezden howpsuzlygy gazanyp bolmajagyny sözüne goşdy.

Roth Kremliň 2012-nji ýylda adam hukuklary toparlaryny, dissidentleri, garaşsyz žurnalistleri we parahat protestçiileri nyşana alyp, “Sowet döwründen bäri görülmedik ýowuz basyp ýatyryşlara başlandygyny” aýtdy.

Stroehlein bolsa, öňki Sowet Soýuzynyň çäklerinde "geçen ýyl hiç hili aýratyn gowulygyň bolmandygyny" belleýär.

Ol bu pikirinde Azerbaýjanyň hökümetiniň raýat jemgyýetlerini we öz tankytçylaryny elhenç basyp ýatyrmasyna hem-de bu ýurtda ozaldanam ýagdaýly adam hukuklarynyň has ýaramazlaşmagyna salgylanýar.

HRW guramasynyň hasabatynda azeri häkimiýetleriniň adam hukuklaryny goraýjylaryň, syýasy we raýat aktiwistleriniň, žurnalistleriň we bloggerleriň azyndan 33-sini syýasy sebäpler esasynda günäli tapandygy ýa türmä basandygy, garaşsyz graždan toparlarynyň bolsa köpüsiniň bu ýurtdaky işlerini bes etmeli bolandygy aýdylýar.

Bu hili hukuk bozmalar Azerbaýjanyň maý aýynda Ýewropa Geňeşiniň Ministrler komitetiniň, kontinentiň öňdebaryjy adam hukuklary guramasynyň alty aýlyk gezekli başlyklygyny öz üstüne alan wagtyna gabat geldi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG