Sepleriň elýeterliligi

Mekdep täze, ýol köne


Türkmengala etrabynyň "Täze oba" daýhan birleşiginde çagalar mekdebe barýar.

Türkmengala etrabynyň "Täze oba" daýhan birleşiginde çagalar mekdebe barýar.

Türkmenistanda sosial meseleleriň çözgüdi, oba ýerlerinde durmuş-ýaşýyş şertlerini gowulandyrmak, täze mekdepleri, çagalar baglaryny, saglyk we medeniýet nokatlaryny gurmak üçin ýylda ummasyz döwlet serişdesiniň goýberilýändigi aýdylýar.

Emma ýerlerde, obalarda täze mekdepler gurlup, çagalaryň okuwa gatnajak ýollarynyň ýatdan çykarylýan wagty hem bolýar.

Mary welaýtynyň Türkmengala etrabynyň "Täze oba" daýhan birleşiginde, obanyň çetinde täze mekdep guruldy, emma ýoly düzetmek, çagalar mekdebe gatnanda howpsuz bolar ýaly pyýada ýol gurmak welin ýatdan çykaryldy.

Bu barada Türkmenistandaky habarçymyz Röwşen Çaryýewiň iberen maglumatyny diňläp, pikirleriňizi paýlaşyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG