Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ministrler duşuşdy


Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşyk geçirdiler.

Gepleşiklerde regional we ykdysady meseleleriň ara alnyp maslahat edilendigi habar berildi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglunyň ýolbaşçylygyndaky resmi topary Türkmenistana 28-nji ýanwarda bardy.

Aşgabatda energiýa we transport, şol sanda Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe transport aragatnaşygynyň maslahat edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG