Sepleriň elýeterliligi

Tripolidäki hüjümde üç gyrgyz öldi


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri şu hepdede Tripolide söweşijileriň myhmanhana eden hüjüminiň netijesinde ölenleriň arasynda ýurduň üç raýatynyň hem bolandygyny aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Graždan awiasiýasy boýunça agentliginiň müdiri Erkin Isakowyň 30-njy ýanwarda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň “S.Group” halkara howa kompaniýasynyň bir piloty we iki ekipaž agzasy Liwiýanyň paýtagtynda 27-nji ýanwarda “Corinthia” myhmanhasyna edilen hüjümde pida bolupdyr.

Gyrgyz resmisiniň sözlerine görä, pilotyň ady Zamirbek Beketaýew we ekipaž agzalary Gulzina Beşbakowa we Galina Koloswetowa.

Şaýatlar myhmanhana azyndan bäş sany ýüzi nikaply adamyň hüjüm edendigini we girelgedäki adamlary oka tutandygyny gürrüň berdiler. Myhmanhananyň daşynda awtoulagda goýlan bomba partlamasy hem boldy.

Liwiýanyň resmileri heläk bolanlaryň arasynda üç täjigistanlynyň, bir amerikalynyň, bir fransiýalynyň we iki liwiýaly sakçynyň pida bolandygyny hepdäniň başynda habar berdiler.

29-njy ýanwarda Täjigistanyň daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Täjigistanyň raýatlarynyň Liwiýada wepat bolmandygyny aýtdy we Liwiýanyň häkimiýetleriniň ýalňyşyp gyrgyz raýatlaryny täjikler bilen çalyşan bolmagyny çak etdi.

XS
SM
MD
LG