Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Metjitde bomba partlady


Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Pakistanyň Şikarpur şäheri

Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Pakistanyň Şikarpur şäheri

Pakistanyň resmileri 30-njy ýanwarda günorta Sindh welaýatynda şaýylaryň metjidinde bolan bomba partlamasynda azyndan 20 adamyň heläk bolandygyny we 40-dan gowragynyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Bomba partlamasy Şikarpur şäheriniň Lakhi Dar etrabynda anna günki namazyň dowamynda bolupdyr.

Partlamanyň jogapkärçiligini öz üsüne alan bolmady. Sünni musulman ekstremistleri şaýylaryň dini toparlaryna ýygy-ýygydan hüjüm edýärler we olaryň hakyky musulman däldigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG