Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ÝB duýduryş berýär


Orsýet Ýewropa Bileleşiginiň Moskwanyň Ukraina goşulyşmagy bilen bagly girizen sanksiýalaryny ýaýbaňlandyrmagynyň gatnaşyklary mundan beýläk hasam ýaramazlaşdyryp biljekdigini duýdurdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 30-njy ýanwarda ýaýradan beýannamasynda ÝB-niň kararynyň Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça mümkinçiliklere zeper ýetirip biljekdigi hem bellenýär.

“Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalar bäsdeşliginiň geljegi barada çynlakaý öýlanmagy üçin wagt geldi, sanksiýalar diňe adamlarymyzyň we ýurtlarymyzyň ykdysadyýetine zeper ýetirýär” diýilip beýannama aýdylýar.

ÝB-niň daşary işler ministrleri Orsýetiň geçen ýylyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmeginiň yzýany Moskwa garşy girizilen sanksiýalary ýene ýaýbaňlandyrmagy 29-njy ýanwarda karar etdiler.

Şeýle-de olar geçen aýyň başynda girizilmegine garaşylýan sanksiýalar sanawyna ýene goşmaça şahslary goşmak barada ylalaşdylar.

Orsýetiň resmi beýannamasynda soňky günlerde Ukrainanyň gündogarynda zorlugyň güýçlenmeginde Kiýew aýyplanýar.

Kiýew we Günbatar gündogar Ukrainada söweşleriň güýçlenmeginde separatistleri we Orsýeti aýyplaýar. Bu regionda geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 5 100 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG