Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Separatistler ukrain esgerlerini ‘gabadyk’ diýýärler


Donetskdäki Rusparaz separatistleriň lideri Aleksandr Zaharçenko

Donetskdäki Rusparaz separatistleriň lideri Aleksandr Zaharçenko

Rusparaz separatistleriň lideri Donetsk regionynda ukrain esgerlerini gabawa alandyklaryny we, eger-de boýun bolmasalar, onda gabawdakylaryň hemmesini gyrjakdyklaryny habar berdiler.

Russiýanyň “Ria Nowosti” habar gullugynyň Aleksandr Zaharçenkonyň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, ukrain harbylary Debaltsewe sebitiniň golaýynda gabawa düşüpdirler. Gündogar Ukrainada geçen ýylyň aprel aýyndan bäri dowam edýän konfliktde 5 müň 100 töweregi adam öldürildi.

Maglumata görä, 30-njy ýanwarda Zaharçenko “eger-de ukrain esgelerleri ýaraglaryny tabşyrsalar, olara rehim-şepagat ediljekdigini” aýdypdyr.

Bu baradaky talap 30-njy ýanwarda Belarusyň paýtagty Minskde separatistleriň, Ukrainanyň, Russiýanyň we ÝHHG-niň wekilleriniň geçirmeli gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryna gabat geldi.

Soňky wagtda jeňçiler öňegidişlikleri gazanmagy başardylar. ABŞ muny geçen sentýabrda Minskde gelnen ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyklaryň bozulmagy we “Russiýanyň howandarlygyndaky agressiýa” diýip atlandyrdy.

Zaharçenko 23-nji ýanwarda çykyş edip, Donetsk welaýatynyň daşky çäklerine çenli harby hereketi dowam etdirjekdigini aýdyp, separatistleriň mundan öň Kiýew bilen gol çekişen "ok atyşyklary bes etmek boýunça özara ylalaşyga" ygrarly bolup galýandygyny sorag astynda goýdy.

24-nji ýanwarda Azow deňziniň kenaryndaky Mariopul şäherinde raketa hüjümi netijesinde azyndan 30 adamyň öldürilmegi bilen, günbatar hökümetleriniň separatistlere we Russiýa garşy tankydyny artdyrdy. Kiýew we NATO Moskwanyň separatistleri esger we ýarag bilen üpjün edýändigini öňe sürýärler.

29-njy ýanwarda Ýewropa Bileleşigi – gündogar Ukrainadaky konflikt sebäpli – Russiýa we rusparaz separatistlere girizilen sanksiýlary sentýabra çenli uzaltmak baradaky karary kabul etdi. Bileleşigiň resmileri bu ugurdan goşmaça çäreleri görmek barada hem maslahat etdiler.

Ukrain harbylary 30-njy ýanwarda hem agyr söweşleriň dowam edýändigini habar berýärler.

Ukrain harbylarynyň metbugat wekili Wladyslaw Seleznýow: “Soňky 24 sagadyň içinde Ukraina özüniň bäş esgerini ýitirdi. Harbylaryň hataryndan mundan başga-da ýene 24 adam ýaralandy” diýdi.

Ukrain harbylarynyň ýaýradan beýanatynda Debaltsewede rusparaz separatistleriniň “grad” kysymly raketa ulgamlaryny, artilleriýa toplaryny ulanandyklary aýdylýar. Beýanatda ukrain goşunlarynyň öz pozisiýalaryny saklaýandygy we duşmana degişli gaýtawul berýändigi aýdylýar.

Zaharçenkonyň eden çykyşy bilen baglylykda, Kiýewden häzire çenli hiç hili kommentariýa gelmedi.

XS
SM
MD
LG