Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Siriýada 300 çemesi türkmenistanly söweşýär”


Siriýa, Türkmenistandan diýilýän söweşijiniň wideo şekili
Siriýa, Türkmenistandan diýilýän söweşijiniň wideo şekili

Golaýda Halkara Krizis topary tarapyndan ýayradylan hasabatda merkezi aziýalylaryň Siriýada we Yrakda ýerleşýän “Yslam döwleti” ýaly toparlara barha köp goşulýandygy we olaryň arasynda zenanlaryň hem bardygy aýdylýar.

Şeýlede şol hasabatda Merkezi Aziýadan Siriýa söweşmäge gidýän adamlaryň arasynda jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň bardygy we olaryň esasan hem dini ynançlary boýunça şeýle toparlara goşulýandygy aýdylýar.

Agzalýan hasabatyň awtorlary, Merkezi Aziýadan Siriýa söweşmäge giden jeňçileriň sanynyň 2000-4000 aralygyndadygyny we olardan 300 çemesiniň Türkmenistanyň raýaty diýilip çaklanýandygyny mälim etdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýörite gepleşikleriniň şu tapgyrynda, Halkara Krizis toparynyň hasabaty we onuň üstüni açan ýagdaýlary hakda gürrüň edilýär.

Söhbetdeşlige agzalýan raportuň awtorlary, Halkara Krizis toparynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň direktory Deirde Tynan, şol toparyň Siriýa boýunça wekili Noah Bonsey, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça synçysy Bruce Pannier hem-de “Yslam döwletini” ýakyndan yzarlaýan žurnalisti Joanna Paraszcuk dagy gatnaşýar.

Programmany Azatlyk Radiosynyň direktory Muhammad Tahir alyp barýar. Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

“Siriýada 300 çemesi Türkmenistanly söweşýär”
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG