Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow çykdajylary azaldýar


Prezident G.Berdimuhamedow

Prezident G.Berdimuhamedow

Prezident G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda “dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän oňyn we ýaramaz ýagdaýlaryň Türkmenistana hem gönüden-göni täsir ýetirýändigi” barada ozal hem aýdan sözlerini ýene bir gezek gaýtalady.

Ol dünýäde nebitiň we gazyň bahasynyň birden pese düşmegi netijesinde dörän ykdysady çökgünlik sebäpli Türkmenistanda hem adaty bolmadyk çäreleri görmeli bolandygyny belledi.

“Az-kem nyrh ýokarlanmalary”

Bu çäreler, türkmen lideriniň sözlerine görä, “harytlaryň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşleriniň nyrhlaryny az-kem ýokarlandyrmakdan, milli puluň, ýagny manadyň daşary ýurt pulunyň garşylygyndaky hümmetini biraz peseltmekden” ybarat bolupdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 1 dollaryň ozal 2,84 manat bolanlygyndan 3,50 manat boljagyny habar beripdi.

Şeýle-de Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan benzin 60 prosent gymmatlady, ýagny A-95 markaly ýangyç 1 manat, A-92 bolsa - 94 teňňe bahalanmaly edildi.

Ýöne prezident Berdimuhamedow şu ýylyň başyndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylandygyny, munuň ilata harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen bagly çykdajylarynyň öwezini dolmaga belli bir derejede mümkinçilik berendigini belledi.

Şol bir wagtda ýurtda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça aýlyk haklarynyň 10 göterim ýokarlanandygy aýdylýar.

Dollar nobatlary

Emma muňa garamazdan, manadyň hümmetiniň hiç hili resmi düşündiriş bermezden aşak düşürilmegi, ýangyjyň bolsa şeýle derejede gymmatladylmagy ilat arasynda belli bir aladalaryň döremegine, howsala düşen adamlaryň ellerinde bar bolan manatlary basymrak dollara çalyşmak kararyna gelmeklerine, netijede banklarda we walýuta alyş-çalyş nokatlarynda uzyn nobatlaryň döremegine getirdi.

Biraz yza çekilsek, türkmen banklaryndaky nagt pul, dollar aladalary barada geçen ýylyň aýagynda, resmi derejede hem gürrüň edilip başlanypdy, ýagny emeli dollar gytçylygyny döretmekde aýyplanan käbir bank işgärleri, olaryň jenaýat şärikleri tutulyp, jogapkärçilige çekilipdi. Soň bu çäreler uly derejeli bank resmilerini çalşyrmak bilen utgaşdy.

Şu aralykda Türkmenistandaky dollar nobatlarynyň soňky günler ýene uzap başlandygy, dollaryň bahasynyň bolsa ýene ýokarlanmagyndan, ýagny manadyň hümmetiniň ýene aşakladylmagyndan howatyr edilýändigi aýdylýar.

“Ýurduň ätiýaçlyk serişdeleri ýeterlik, emma...”

Prezident Berdimuhamedow bu aladalara gytaklaýyn jogap berip, Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda “halkymyz ýakyn ýyllarda hiç bir kynçylyk çekmän, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşar ýaly, ýeterlik möçberde halkara we içerki ätiýaçlyk serişdelerimiziň bardygyny bellemek isleýärin” diýdi.

Ýöne ol “muňa garamazdan, hiç bir arkaýynlaşmaly däldigini” hem duýdurdy.

Türkmen lideri dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän şertlerinde döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine aýratyn berk gözegçilik edilmelidigini, göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň, dolandyryş edaralary üçin edilýän artykmaçy çykdajylaryň möçberlerini azaltmalydygyny aýtdy.

Prezident şu ýyl gurluşygyna başlanmakçy bolunýan binalaryň we desgalaryň sanawyna hem “hökman gaýtadan seretmeli, maksatlaýyn berilýän karz serişdeleriniň hem möçberlerini hem azaltmaly” diýdi.

Ol 9-njy ýanwarda ýurtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň 2015-nji ýylda hem giň gerimde dowam etdiriljegini, ýagny şu ýyl 362 sany iri desganyň ulanylmaga beriljegini, şol sanda paýtagty ösdürmek, Aşgabatda göz öňünde tutulýan binalary we desgalary gurmak üçin serişde goýberiljegini aýdypdy.

Halkyň ynamy we durnuklylyk

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, hususy pudagyň paýyny artdyrmak meselelerinde ähli çäreleriň görülmelidigini belledi. Onuň pikiriçe, bu çäreler ýakyn ýyllarda dünýä ykdysadyýetinde üýtgäp durýan ýagdaýlara garşy ygtybarly usuly döretmäge, ýurtda ykdysady durnuklylygy gazanmaga mümkinçilik berer.

“Bu çäreler alyp barýan makro-ykdysady syýasatymyza halkymyzyň ynamyny hem has-da berkider we esasy milli pulumyz bolan manadyň hem hümmetini zerur bolan çäklerde saklamaga-da ýardam eder” diýip, prezident Berdimuhamedow aýtdy.

Hökümet maslahatynda ýurduň ýanwar aýyndaky makro-ykdysady görkezijileri barada gürrüň edilip, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 110,1 göterim bolandygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanşygynyň möçberiniň bolsa 12,5 göterim artandygy aýdyldy.

Emma ylmy-barlag merkezi bolan "Miras fondunyň" (The Heritage Foundation) 2015-nji ýyldaky Ykdysady azatlyk görkezijisinde Türkmenistana 178 ýurduň arasynda 172-nji orun berlipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG