Sepleriň elýeterliligi

Atyjy goşun ýuniformasyny geýipdir


Pentagon Kabul aýeroportunda üç amerikan gullukçysyny atyp öldüren adamyň owgan goşunynyň ýuniformasyny geýendigini aýdýar.

Pentagonyň sözçüsi, kontr-admiral Jon Kirbi 30-njy ýanwarda bu hüjüm netijesinde üç sany graždan uçar mehaniginiň öldürilendigini aýtdy.

29-njy ýanwarda bolan hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy. «Talybanyň» sözçüsi Zabihulla Mujahid talyban söweşijisiniň owgan howpsuzlyk güýçleriniň hataryna sümlüp, owgan polisiýasynyň eşiginde hüjüm edendigini aýtdy.

Owgan goranmak resmisi öldürilen ýaragly adamyň owgan goşunynyň ýuniformasynda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG