Sepleriň elýeterliligi

Bişkek kanunyny berkidýär


Gyrgyzystanyň hökümeti metbugat serişdelerini suduň hökümi bolmazdan hem ýapmaga şert döredýän kanun taslamasyny teklip edýär.

Adalat ministrliginiň sözçüsi Emir Zulpiýew 30-njy ýanwarda teklip edilýän kanun düzedişleri astynda ministrlige eýeleri ölen we kanuny mirasdara geçmedik metbugat serişdelerini ýapmaga ygtyýar beriljegini aýtdy.

Şeýle-de Zulpiýew metbugat guramasynyň eýesiniň kompaniýasy ýapylan ýa telekeçilik durumy ýatyrylan halatynda hem ýapylyp bilinjegini aýtdy.

Mundan başga, täze kanun Medeniýet, maglumat we syýahat ministrligine, jemgyýetçilik şikaýatlary esasynda, metbugat serişdesini suda bermäge mümkinçilik berer.

XS
SM
MD
LG