Sepleriň elýeterliligi

«Himiki ýarag eksperti» öldürildi


ABŞ-nyň harby resmileri YD-nyň orta derejeli jeňçisi, himiki ýaraglar boýunça ýöriteleşen Abu Maligiň geçen hepde Mosulyň golaýyna urlan amerikan howa zarbasynda öldürilendigini aýdýarlar.

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesi onuň 24-nji ýanwarda öldürilendigini aýtdy. Berlen maglumata görä, Malik 2005-nji ýylda Yrakdaky «Al-Kaýda» goşulmazyndan öň Saddam Huseýiniň Muthana himiki ýaraglar kärhanasynda işläpdir.

Maligiň YD jeňçilerine goşulyp, bu topara özüniň himiki ýaraglar baradaky tejribesini hem getirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG