Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Merkel: Gresiýa bergi ýeňilligi bolmaz


German kansleri Angela Merkel Gresiýa üçin bergi ýeňilligi bolmaly däl diýdi.

Ol bu sözleri Gresiýanyň täze maliýe ministri indiden eýläk kreditorlaryň üçlügi diýilýän auditorlar bilen hyzmatdaşlyk etmejegini aýdanyndan bir gün soň dile getirdi.

Ýanis Waroufakis 30-njy ýanwarda Afinada, Ýewro zonasynyň başlygy Jeroen Daýselbloem (Jeroen Dijsselbloem) bilen geçirilen metbugat ýygnagynda Gresiýa indiden beýläk öz troýkadaky auditorlary, Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropanyň Merkezi bankynyň we Halkara pul fondunyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk etmez diýdi.

Waroufakis Afina öz bergileri barada karzçylar bilen gepleşmek isleýär, emma troýka auditorlary bilen däl, olar «çüýrük esaslarda gurlan komitet» diýdi.

XS
SM
MD
LG