Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina ýaraşyga umyt baglaýar


Ukraina 31-nji ýanwarda orsýetçi separatistler bilen ýaraşyk baglaşmaga umyt baglaýar, gündogar Ukrainadaky pitneçiler bolsa, gepleşikler başa barmasa, soňky döwürdäki hüjümlerini dowam etjeklerini aýdýarlar.

Minsk şäherinde 30-njy ýanwarda geçirilmeli edilen täze gepleşikler tapgyry, pitneçiler lagerine kim wekilçilik etmeli diýen meseledäki oňuşmazlyk sebäpli, soňa goýuldy.

Kiýew öz wekilini, ozalky ukrain prezidenti Leonid Kuçmany 31-nji ýanwarda Minskä ibermekçidigini aýtdy. Bu gepleşikler resmi taýdan Kreml tarapyndan goldanylýar we Minskde sentýabrda gelnen yrga ylalaşygy berkitmegi maksat edinýär.

Kuçma «Interfax-Ukraine» habar gullugyna "Biz Minsk memorandumyny berkitjek dokumente we prezidentler Petro Poroşenko bilen Wladimir Putiniň parahatçylyk planyna gol çekilmegine garaşýarys" diýdi.

Ukrain prezidenti Poroşenko german kansleri Angela Merkel bilen 30-njy ýanwarda eden telefon gürrüňinde atyşygy derhal bes etmegiň zururdygyny gaýtadan tassyk etdi.

Şu arada ABŞ-nyň döwlet departamenti döwlet sekretary Jon Kerriniň, amerikan hökümetiniň goldawyny görkezmek üçin, 5-nji fewralda Ukraina barýandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG