Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa terrora ýan bermejegini aýdýar


 Ýapon žurnalisti Kenji Goto (Ç) we iordan piloty Muaz al-Kassasbeh
Ýapon žurnalisti Kenji Goto (Ç) we iordan piloty Muaz al-Kassasbeh

Ýaponiýa «Yslam döwleti» ekstremist topary tarapyndan žurnalist Kenji Gotonyň kellesiniň kesilişini görkezýän wideoýazga garşylykly reaksiýa bildirdi.

Premýer-ministr Şinzo Abe 1-nji fewralda şeýle diýdi: "Men bu adamkärçiliksiz we ýigrenji terrorizm aktyna berk ýigrenç duýdum."

Abe Ýaponiýanyň «bu işde günäkär bolanlary jogapkärçilige çekmek üçin» halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde işlejegini aýtdy.

Ol Tokio «terrorizmiň öňünde ýan bermez» diýdi we öz döwletiniň YD toparyna garşy söweşýän ýurtlara ynsanperwerçilik kömegini bermegi dowam etdirjegini sözüne goşdy.

31-nji ýanwarda çap edilen wideo, britan aksentinde gürleýän başy örtüli adamyň, hamala, ýapon hökümetini YD toparyna garşy hüjüm edýän koalisiýa güýçlerini goldamakda günäkärleýşini görkezýär. Ol jeňçi soň Gotony öldürýär.

Ýaponiýanyň goranmak ministri General Nakatani bu wideonyň asyl nusga bolup görünýändigini aýtdy.

Ene oglunyň arzuwyna ynanmak isleýär

Öldürilen ýapon žurnalistiniň ejesi Junko Işido Tokioda hasratyny paýlaşmaga gelen žurnalistlere özüniň bu elhenç ölüm barada aýdara söz tapmaýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

«Men Kenji Gotonyň uruşsyz dünýä baradaky arzuwyna, onuň çagalary uruşdan we garyplykdan haslas etmek ugrundaky işine ynanmagy dowam etdirmek isleýärin.»

Bu «Yslam döwleti» toparynyň bir hepdä ýeter-etmez wagt içinde jezalandyryp öldüren ikinji ýapon zamunydyr. Mundan öň bu topar ýaponiýaly Haruna Ýukawany öldüripdi.

Birleşen Ştatlar we YD-a garşy göreşýän ýaranlar bu jezalandyrmalary ýazgaryp çykyş etdiler.

Prezident Barak Obama Birleşen Ştatlaryň bu ekstremist topary ýok etmek ugrundaky tagallalary dowam etdirjegini wada berdi.

Britan premýer-ministri Deýwid Kameron bu wideo YD toparynyň «adam ömrüne hiç hili hormat goýmaýan şeriň şekillenmesidigini» ýatladýar diýdi.

Goto Afrikadaky, Owganystandaky we Ýakyn Gündogardaky uruşlar barada ýazýan ştatdan daşary žurnalistdi.

Ol geçen oktýabrda, Ýukawany boşatmaga kömek etmek üçin Siriýa gidenden soň, YD tarapyndan ýesir alyndy.

Ýapon resmileri Iordaniýa bilen bilelikde, Gotony we iordan piloty, dekabrda Siriýada uçary urlup ýykylan Muaz al-Kaseasbehi azat etmek tagallasyny edýärdiler.

YD topary Gotonyň yrakly potensial janyndan geçen bombaçy Sajida al-Rişawiniň iordan tussaglygyndan boşadylmak şerti bilen azat edilmegine 29-njy ýanwara çenli ahyrky möhlet belläpdi.

Amman pilotyň diridigine göz ýetirmezden Rişawini boşadyp bilmejegini aýdanyndan soň, bu bellenen möhlet geçdi.

31-nji ýanwardaky wideoda iordan piloty agzalmaýar.

Kaseasbehiň maşagalasy 1-nji fewralda iordan hökümetiniň ýesir boşatmak barada alnyp barylýan gepleşikler babatda has açyk bolmagyny sorady.

Pilotyň daýysy Ýassin Rawaşda «biz hökümetiň özümize hakykaty aýtmagyny isleýäris» diýdi. Ol maşgalanyň ýesir boşatmak tagallalarynyň oňyn tarapa ugur alandygyny ýa almandygyny eşidesi gelýär diýdi.

Hökümet sözçüsi Mohammed al-Momeni patyşalygyň adam ömrüni halas etmek we öz pilotyny boşatmak üçin elinde bar ähli zady etjegini aýtdy.

Şeýle-de ol Iordaniýanyň Kaseasbehiň deregine Rişawini azat etmäge entegem taýýardygyny aýtdy.

Iordaniýa Siriýada we Yrakda giň territoriýany eýelän YD söweşijilerine garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda gurlan harby koalisiýanyň bir bölegi bolup durýar

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG