Sepleriň elýeterliligi

Hoň-Koň protestçileri yzyna geldi


Demokratiýaçy aktiwistleriň birnäçe müňüsi geçen ýyldaky köpçülikleýin demonstrasiýalardan bäri ilkinji gezek Hoň-Koň köçelerine gaýdyp geldi.

Olar 1-nji fewralda, polisiýanyň giň gözegçiligi astynda, şäheriň söwda we maliýe merkezinden ýöriş etdiler.

Habarlarda hiç bir protest toparynyň täzeden, geçen ýyldaky ýaly, esasy ýollary baglamak niýetini yglan etmändigi aýdylýar.

2014-nji ýylyň sentýabrynda on müňlerçe protestçi, territoriýanyň esasy ýerine ýetirijisiniň wezipesine doly demokratik saýlaw geçirilmegine çagyryp, köçelere dökülipdi.

XS
SM
MD
LG