Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: YD-a 27 zarba uruldy


Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary «Yslam döwleti» jeňçiler toparynyň Yrakdaky we Siriýadaky nyşanalaryna garşy soňky 24 sagatda 27 howa zarbasynyň urlandygyny aýdýarlar.

31-nji ýanwarda çap edilen resmi beýanata görä, Yraga urlan 17 howa zarbasynyň 10-sy Kerkuk şäheriniň golaýyna baryp degipdir.

Siriýa urlan 10 howa zarbasynyň 8-si YD-nyň serhet şäheri Kobaniniň golaýyndaky nyşanalaryna baryp urupdyr.

Amerikan generaly Jeýms Terri kürt güýçleriniň YD jeňçilerini Siriýanyň demirgazyk şäheri Kobaniden kowup çykarandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG