Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: 13 esger öldürildi


Ukraina soňky 24 sagat içinde gündogar Ukrainada 13 esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Goşunyň 1-nji fewraldaky sözlerine görä, Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy söweşde 20 esger ýaralandy.

Resmiler Donetsk we Luhansk regionlarynda bolan söweşlerde asuda ilatdan 6 adamyň ölendigini aýdýarlar.

31-nji ýanwarda Minskde gündogar Ukrainadaky söweşleri soňlamak barada geçirilen gepleşikler gowy netije bermedi.

Gepleşiklerde Ukraina wekilçilik eden öňki prezident Leonid Kuçma «Interfaks» habar gullugyna geplşiklerde iki sany separatist wekiliniň ultimatum bilen çykyş edip, atyşygy gyssagly duruzmak we agyr ýaraglary yza çekmek plany barada maslahatlaşmakdan ýüz öwrendiklerini aýtdy.

Dört sagatdan hem uzaga çeken gepleşikler Belarusyň Daşary işler ministrliginiň binasynda, Orsýetiň Ukrainadaky ilçisi Mihail Zurabowyň, ÝHHG-nyň wekili Heýdi Tagliawininiň (Heidi Tagliavini), pitneçileriň wekilleri Denis Puşilin bilen Wladislaw Deýnegonyň gatnaşmagynda geçirildi.

Puşilin öz gezeginde separatistleriň ultimatumlary ret etjegini aýtdy we Ukrainany parahatçylyk prosesiniň öňüni baglamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG