Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Gözgalaňçy lider mobilizasiýa çagyrýar


Aleksandr Zaharçenko

Aleksandr Zaharçenko

Ukrainanyň gündogarynda Orsýetçi separatistleriň lideri hökümet güýçleri bilen konflikt dowam edýärkä 100 000 adamy harby mobilizasiýa çagyrmak planyny yglan etdi.

Aleksandr Zaharçenkonyň 2-nji fewralda aýtmagyna görä, Donetskde gozgalaňçylaryň elindäki giňişlikde harby mobilizasiýa 10 günden başlanar Ukrainanyň parlamenti şu ýyl 100 000 adamy harby gulluga çagyrmak planyny ýakynda makullady.

Ukraina Donetsk we Luhansk regionlarda gozgalaňçylara garşy söweşlerde soňky 24 sagadyň dowamynda bäş esgeriniň wepat bolandygyny aýtdy. Separatistler şol wagt aralygynda 11 parahat ýaşaýjynyň wepat bolandygyny aýdyp, hökümet güýçlerini aýypladylar.

XS
SM
MD
LG