Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür Al-Jazeeranyň žurnalistini boşatdy


Al-Jazeeranyň habarçysy Peter Greste
Al-Jazeeranyň habarçysy Peter Greste

Al-Jazeeranyň habarçysy Peter Greste 1-nji fewralda türmeden boşadylmagynyň yzýany Müsüri terk etmek üçin uçara mündi.

Awstraliýaly Greste Al-Jazeera kompaniýasy boýunça kärdeşleri Mohamed Fahmy we Baher Mohamed bilen bilelikde 2013-nji ýylyň dekabr aýynda tussag edilip, ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplanypdy.

Al-Jazeera Gresteniň boşadylmagyny makullady, emma "Baher we Mohamed hem azatlyga çykýança rahatlanmajagyny” mälim etdi.

Fahmy Müsüriň hem Kanadanyň raýaty, Mohamed müsürli. Greste we Fahmy ýedi ýyl türme tussaglygyna, Mohammed 10 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG