Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň 22 raýaty Siriýada öldi


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň 22 raýatynyň Siriýadaky söweşlerde wepat bolandygyny aýdýarlar.

Içeri işler ministrliginiň derňew departamentiniň ýolbaşçysy Rafik Mambetaliewiň 2-nji fewralda aýtmagyna görä, Gyrgyzystanyň 200-den gowrak raýaty Siriýa gidipdir, olardan 30 çemesi zenanlar. Ol derňewçileriň Siriýada yslamçylaryň hatarynda söweşmek üçin gyrgyzlary hakyna tutmak boýunça synanyşyklar bilen bagly 83 wakanyň üstüni açandygyny habar berdi.

Gyrgyzystan bilen göňşy Täjigistanda täze bellenen baş prokuror Ýusuf Rahmonowyň 2-nji fewralda Duşenbede aýtmagyna görä, Siriýada we Yrakda söweşýän 85 sany täjigistanla garşy 41 sany jenaýat işi gozgalypdyr, olaryň köpüsi gaýybana.

Rahmonow bu ugurndan derňew işlerini geçirmek boýunça ýörite merkeziň tiz wagtda açyljakdygyny habar berdi.

“Halkara krizis toparynyň” ýakynda çap eden hasabatynda soňky üç ýylyň dowamynda Merkezi Aziýadan Siriýadaky söweşijilere goşulanlaryň sanynyň 2 000 we 4 000 müň aralygynda bolmagy çak edilýär.

XS
SM
MD
LG