Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan eýranly balykçylary oka tutdy


Türkmenistanyň raketaly gämisi terrorçylyga garşy türgenleşige gatnaşýar, Hazar deňzi, 5-nji sentýabr, 2012.
Türkmenistanyň raketaly gämisi terrorçylyga garşy türgenleşige gatnaşýar, Hazar deňzi, 5-nji sentýabr, 2012.

Eýranyň mediasy türkmen deňiz gämisiniň Eýranyň balykçy gämisini oka tutup, bir balykçyny öldürendigini we gämini gark edendigini habar berdi.

“The Tehran Times” neşriniň 1-nji fewralda habar bermegine görä, bu hadysa dekabr aýynda Türkmenistanyň deňizçileriniň “Hazar deňzinde öňünden duýduryş bermän ençeme balykçyny oka tutmagynda” ýüze çykypdyr.

IRNA agentligi aman galan balykçylaryň türkmen güýçleri tarapyndan tussag astyna alnandygyny we “komandanyň ykbaly barada anyk maglumatyň ýokdugyny” habar berdi. IRNA hüjümi “diplomatik kadalaryndan daşary we halkara kanunlaryna ters gelýän hereket” diýip atlandyrdy. “Iran Daily” hereketiň “halkara konwensiýalaryna garşy çykýandygyny” belledi.

Şeýle wakalar Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda seýrek bolýar, emma Hazar deňzi Owganystandan gelýän neşeleriň tranzit ýoly bolýar we ähli Hazarýaka döwletleri deňiz we harby-deňiz howpsuzlyk güýçlerini döredýärler.

XS
SM
MD
LG