Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň türmesindäki türkmen ünse mätäç


Ewin türmesi

Ewin türmesi

Türkmenistanyň raýaty, Eýranda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen we Ewin türmesinde bendilikde saklanylýan Çary Muhammetmyradowyň häzirki döwürde tussaglykdaky altynjy ýylyny başdan geçirýändigi habar berilýär.

Bize gowşan maglumatlardan mälim bolşuna görä, onuň aklawçysy ýok, oňa maşgalasy bilen hem habarlaşmaga mümkinçilik berilmeýär. Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň işgärleri bilen bolsa ýylda birki gezek duşuşdyrylýar.

Eýranyň HRA atly habar agentliginiň maglumatyna görä, Muhammetmyradow Türkmenistanyň bähbidine içalyçylyk edenlikde aýyplanyp, 2009-njy ýylda ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirlen sudda 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

Bize bu habar boýunça, Çarynyň bendilikde saklanylýan ýeri bolan Tähranyň Ewin türmesinden tassyklama almak başartdy. Bize berlen maglumata görä, Çary Muhammetmyradow Eýranda 2009-njy ýylda geçirilen jedelli prezident saýlawlaryndan soň dörän dartgynlylygyň çäginde tussag edilipdir.

Muhametmyradowyň Türkmenistanyň haýsy welaýatyndandygy hakda takyk maglumat berilmeýär, emma Eýranda adam hukuklary barada maglumatlary çap edýän HRA atly täzelikler gullugynyň maglumatyna görä, 1976-njy ýylda doglan Muhammetmyradow ýokary okuwyny Eýranda dowam etdirmek üçin 1997-nji ýylda Tährana barypdyr.

Tussaglyk

Tähran Uniwersitetinde syýasy bilimler boýunça okuwyny tamamlap, ol Tahranda soňra diplomatiýa hem-de halkara gatnaşyklar ugrundan ýokary okuwyny dowam etdirýär. Tussag edilen wagty onuň, okuwynyň daşyndan, şol döwürde Eýranda iş alyp barýan bir rus kärhanasynda terjimeçi bolup işländigi hem habar berilýär.

2009-njy ýylda geçirilen jedelli saýlawlardan soň Eýranda emele gelen syýasy dartgynlylygyň fonunda Eýranyň degişli howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilip, başda ýurduň dürli tussaghanalarynda saklanyp, onuň garşysyna derňew işleri geçirilýär.

40 gün dowam eden derňewlerden soňra ol suda çekilýär, oňa ýöňkelýän aýyplamalaryň arasynda köçe ýörişlerine gatnaşyp, režime garşy propaganda işlerini amala aşyrmak we Türkmenistanyň bähbidine Eýranda içalylyk işleri bilen meşgullanmak ýaly maddalar bar.

Eýranyň HRA habar agentliginiň we biziň Ewin türmesinden alnan maglumatlarymyzdan çen tutsaň, onda türmede aklawçysyz saklanylýan bendi Çary Muhammetmyradowa Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň işgärleri bilen ýylda diňe birki gezek duşuşmaga mümkinçilik berilýän bolmaly.

Başda aýdyşymyz ýaly ol häzir 21 ýyllyk türme tussaglygynyň altynjy ýylyny başdan geçirýär. Wakalaryň anygyna göz ýetireniňde, 2009-njy ýylda tutulyp sud edilende we iş kesilende, Çary Muhammetmyradowyň sudda aklawçysynyň-da, terjimeçisiniň-de bolmandygy, onuň ýapyk gapylaryň arkasynda geçirilen sud esasynda türmä basylandygy belli bolýar. Maglumatlarda agzalan sud prosesinde Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň wekiliniň-de bolmandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň Tährandaky ilçihanasyndan bu mesele we ilçihananyň Çary Muhammetmyradow hakda nähili işler alyp barýandygy hakda hiç hili maglumat alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG