Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Separatistler: 100 müň adamy çekeris


Orsýetparaz separatist
Orsýetparaz separatist

Gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleriň lideri – parahatçylyk gepleşikleriniň puja çykany üçin – hökümet güýçleri bilen söweşjek 100 müň adamy uruş hereketlerine çekjekdigini aýdýar.

Öz-özüni Donetsk halk respublikasy diýip yglan eden sebitiň lideri Aleksandr Zaharçenko 2-nji fewralda çykyş edip, göz öňünde tutulýan çagyryşyň 10 günüň içinde durmuşa geçirilip başlanjakdygyny mälim etdi.

Ol: “Ilki başda meýletinçiler bolar, soňuny hem görübereris” diýdi.

Geçen aý Ukrainanyň parlamenti şu ýyl 100 müň çemesi esgeri harby gulluga çagyrmagy göz öňünde tutýan kanun taslamasyny kabul edipdi.

Soňky hepdeleriň dowamynda gündogar Ukrainadaky çaknyşyklar barha ýygjamlaşdy. 31-nji ýanwarda geçirilen ýaraşyk gepleşikleriniň başa barmazlygy ýagdaýlaryň parahatçylykly çözgüdi ugrundaky umytlary gowşatdy.

Jeňçiler öz hüjümlerini ýaýbaňlandyryp, Donetsk we Luganks welaýatlaryny dolulygyna eýelemek bilen haýbat atdylar. Munuň netijesinde olar mart aýynda Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krym ýarymadasyna barha golaýlaýarlar.

Ukrainanyň 2-nji fewralda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň içinde hökümet goşunlarynyň düzüminde söweşýänlerden bäş esger öldürilipdir, 29-sy hem ýaralanypdyr.

Kiýew häkimiýetleri soňky gije-gündiziň dowamynda gündogar Ukrainada parahat ilatdan bäş adamyň öldürilendigini habar berdiler. Separatistler onuň on bir adamdygyny aýdyp, adamlaryň ölümine hökümet güýçleriniň sebäpkär bolandygyny öňe sürdüler.

Mart aýynda gündogar Ukrainadaky konflikt başlanaly bäri, bu uruşda 5 müň 100-den köpräk adam öldi. Bu konflikt Orsýet Krym ýarymadasyny basyp alansoň tutaşdy.

Ýurtda dartgynlylygy gowşadar diýip umyt edilen Minsk gepleşikleri 31-nji ýanwarda oňaýly netije bermezden tamamlandy.

1-nji fewralda “The New York Times” neşiri ABŞ-nyň administrasiýasynyň we harby häkimiýetleriniň Ukraina harby goranyş ýaraglaryny bermek baradaky meselä täzeden garaýandyklaryny habar berdi.

Häzire çenli Obamanyň administrasiýasy Ukraina gijelikde ýoluňy görkezýän äýnekler, ilkinji kömek serişdeleri, inženerçilik enjamlary ýaly çäkli we gös-göni harby maksatlara gönükdirilmedik kömegi berip gelýär.

Şol bir wagtda-da Kiýew we NATO Moskwanyň Ukrainadaky orsýetparaz separatistlere gönümel harby ýardam berýändigi barada dellilleriň bardygyny aýdýarlar. Kreml özüniň konflikte gatnaşýandygy baradaky aýyplamalary inkär edip gelýär.

XS
SM
MD
LG