Sepleriň elýeterliligi

Kesgitlenen kurs näderejede bähbitli?


Türkmenistanyň milli pul birligi

Türkmenistanyň milli pul birligi

Türkmenistanda manadyň hümmetiniň dollara görä ýene pese gaçjakdygy baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň netijesinde, ýurduň dürli künjeklerindäki walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ellerindäki manadyny dollara çalyşmakçy bolýan türkmenistanlylaryň uly nobatlary döredi.

Şol bir wagtda-da şu ýylyň başynda, 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek, türkmen manadynyň dollara görä bolan hümmeti 18% aşak gaçdy. Belläp geçsek, Türkmen hökümeti ýurtda manadyň belli bir fiksirlenen, ýagny döwlet tarapyndan kesgitlenen kursuny ýöredýär. Eýse, bu tejribe iş ýüzünde nähili netijeleri berýär?

Bu soraga Russiýanyň “RBС” ykdysady agentliginiň bilermeni Aleksandr Ýakowlew jogap bermäge synanyşýar.

Azatlyk Radiosy: Hökümet özüniň milli pul birligine laýyklykda dollaryň fiksirlenen kursuny kesgitlände, bu ýurduň bähbidinemi ýa-da tersine?

Aleksandr Ýakowlew: Bilýäňizmi, bu soraga “erbet” ýa-da “gowy” diýip takyk bir jogap berip bolmýar. Köp zat gürrüňi gidýän ýurduň ykdysady we döwlet gurluşyna bagly bolýar. Mysal üçin, Gazagystanda hem kodirowkalar bar, emma şol bir wagtda ýurduň ykdysadyýetine hem ýaramaz diýip bolmaýar. Bu aralykda Demirgazyk Koreýada hem kesgitlenen kursuň saklanýandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Bu ýerde başga-da belläp geçmeli bir ýagdaý bar, dünýäniň juda sanlyja ýurtlarynda ýerli milli pul birligi doly liberal şertlerde hereket edip, erkin konwertirlenip bilýär. Ýalňyşmasam, dünýäniň diňe 12 ýurdunda gürrüňini edýän çäklendirmelerimiz ýok. Galan ýurtlarda bolsa hökümetiň pul birligine ol ýa-da bu derejedäki girizýän çäkleri bar.

Şol bir wagtda, eger-de milli pul birligine juda berk çäklendirmeler girizilýän bolsa, munuň soňluk bilen howply netijeleri-de bolmagy mümkin. Eger-de ýurduň ykdysady deňagramlylygy ýaramazlaşsa, gürrüňini edýän ýagdaýlarymyz hem erbetleşýär.

Ykdysady deňagramlylyk hem belli bir derejede daşky faktorlara bagly bolýar. Ýagny, eksport edilýän harytlaryň, amala aşyrylýan söwda gatnaşyklarynyň netijesinde ýurda öňküsinden has az maliýe gelýän bolsa, netijede ýurduň belli bir pudagynda pul ýetmezçiligi döreýär. Bu ýagdaýda hökümet, çykalga hökmünde, [milli puluň] kursuny ol ýa-da beýleki tarapa üýtgedýär.

Eger-de muny etmän, belli bir kesgitlenen kurs “adalatly” diýip, [üýtgewsiz] hereket edilse, onda haýsydyr bir pursatda ýurtda walýuta ýetmezçiliginiň döremegi mümkin. Netijede ilat aljyraňňy ýagdaýa düşüp, bar bolan walýutany satyn almaga synanyşýar. Bu sebäpli hem ýurduň içerki walýuta bazarynda basyş we deňagramsyzlyk ýagdaýlary döreýär. Meniň pikirimçe, häzir Türkmensitanda hut şeýle ýagdaýlar bolup geçýär.

Emma bu ýagdaýlarda hökümetiň “indi walýuta bazary azat hereket eder” diýmegine garaşyp bolmaýar. Munuň netijesinde bazaryň doly ýykylyp, has aýylganç netijeleriň hem orta çykmagy mümkin.

Gepiň gerdişine görä ýatlap geçsek, şeýle ýagdaý dekabrda Russiýada hem ýüze çykypdy. Şonda Merkezi bankyň “erkin rubl” baradaky eden beýanatynyň yzy bilen, rublyň kontrollykdan çykan dewalwasiýasyna, ýagny hümmetsizlenmegine we walýuta bazarlaryndaky aljyraňňylyga şaýat bolduk.

Häzirki pursatda edip bolaýjak zat: bu bolup geçýän ýagdaýlary iňňän ünsli yzarlap, öz wagtynda degişli çäreleri görmek.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG