Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG sudy: Serbiýa, Horwatiýa genosidde günäli däl


Suduň başlygy sudýa Peter Tomka (ortada) Gaaga, 3-nji fewral, 2015
Suduň başlygy sudýa Peter Tomka (ortada) Gaaga, 3-nji fewral, 2015

BMG-niň Halkara adalat sudy 1991-1995 ýyllaryň urşy döwründe Horwatiýa Ýugoslawiýadan bölünip aýrylanda Serbiýa we Horwatiýa genosid gyrgynçylygyny amala aşyrmady diýen karar çykardy. Sudýa Peter Tomka bu karary 3-nji fewralda Gaagada yglan etdi.

Tomka serbleriň Horwatiýanyň käbir böleklerinde amala aşyran hereketleriniň horwatlary etnik topary hökmünde ýok etmeklige gönükdirilmän olary “güýç bilen ýerinden göçürmeklik" bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de sud 1995-nji ýylyň harby kampaniýasynyň dowamynda serb ilatyna garşy genosid gyrgynçylygynyň amala aşyrylandygy barada Serbiýanyň eden arzynyň subut edilmändigini yglan etdi.

XS
SM
MD
LG