Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: 5 358 müň adam wepat boldy


Gündogar Ukrainanyň Makiiwka şäheri, 27-nji ýanwar, 2015.

Gündogar Ukrainanyň Makiiwka şäheri, 27-nji ýanwar, 2015.

BMG-niň ýokary derejeli resmisi gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly wepat bolanlaryň sanynyň 5 358 adamdan geçendigini aýtdy we hökümet güýçleriniň hem orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşleriň “betbagtçylykly” pursada ýetmeginiň öňüni almaga ähli taraplary çagyrdy.

BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary Zeid Ra'ad Al Hussein 3-nji fewralda ýaýradan beýannamasynda ýanwar aýynyň soňky üç hepdesiniň dowamynda azyndan 224 parahat ýaşaýjynyň öldürlendigini we 545 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Beýannamada geçen ýylyň aprel aýynyň ortalaryndan bäri 5 358 adamyň wepat bolandygy we 12 235 adamyň ýaralanandygy baradaky maglumatyň çäklidigi bellenip, hakyky sanlar “has ýokary” hasaplanylýandygy aýdyldy.

“Eskalasiýa Gündogar ukrainada konfliktiň merkezinde ýaşaýan 5.2 million adam üçin betbagtçylykly bolar”, diýip Zeid öz beýannamasynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG