Sepleriň elýeterliligi

Dawydowa aklawçydan ýüz öwürdi


Swetlana Dawydowanyň suraty we onuň cagalary, Wýazma, 30-njy ýanwar, 2015.

Swetlana Dawydowanyň suraty we onuň cagalary, Wýazma, 30-njy ýanwar, 2015.

Ukrainanyň ilçihanasyna jaň edip, orsýet goşunlarynyň hereketleri barada habar berendigi üçin dönüklikde aýyplanyp, tussag edilen orsýetli zenan derňewçilere beren ozalky görkezmelerini ret etdi we suduň bellän aklawçysyndan ýüz öwürdi.

Swetlana Dawydowanyň täze aklawçylarynyň biri Sergeý Badamşiniň 2-nji fewralda aýtmagyna görä, Dawydowa suduň bellän aklawçysy Andreý Stebenewiň hyzmatyndan ýüz öwrüpdir. Dawydowanyň ýene bir aklawçysy Iwan Pawlow Lefortowo türmesinde oturan müşderisini sudan öňki tussaglykdan boşatmak boýunça eden ýüzlenmesiniň Moskwanyň şäher sudy tarapyndan ret edilendigini habar berdi.

36 ýaşly Swetlana Dawydowa ýedi çaganyň, şol sanda iki aýlyk bäbegiň ejesi. Ol 21-nji ýanwarda Moskwadan 240 kilometr uzaklykda ýerleşýän Wýazma şäherindäki öýünde tussag edilipdi. Sud onuň 19-njy marta çenli tussaglykda saklanmagyny karar etdi. Dawydowa watana dönüklikde günäli tapylsa 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG