Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Aşgabada sapar edýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda Türkmenistana sapar edýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda taraplaryň Merkezi Aziýadaky, Owganystandaky we Ýakyn Gündogardaky soňky ýagdaýlary ara alyp maslahat etjekdigini habar berdi.

Lawrow geçen gezek Aşgabada aprel aýynda barypdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabr aýynda Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň çäginde Astrahanda duşuşyk geçiripdi.

Orsýet geçen ýylyň aýagynda Günbataryň söweş goşunlarynyň Owganystandan çykarylmagynyň regiona ýetirip biljek täsirinden howatyrlanýar. Orsýetiň üzňelikdäki, gaza baý Türkmenistan bilen gatnaşyklary regionyň Gazagystan we Täjigistan ýaly döwletlerinden has gowşak. Orsýet we Türkmenistan, ikisi-de Hytaýa tebigy gazyny akdyrýarlar.

XS
SM
MD
LG