Sepleriň elýeterliligi

Siriýada ölenleriň şähsyýeti anyklanýar


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Siriýada yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşip, ölen 20-den gowrak gyrgyzystanlydan ýene biriniň şahsyýetiniň anyklanandygyny aýdýarlar.

Içeri Işler ministrliginiň resmileriniň 3-nji fewralda AÝ/AR-na aýtmaklaryna görä, Gyrgyzystanyň Kara-Suu etrabyndan 25 ýaşly adamyň şahsyýeti anyklanypdyr. Emma resmiler onuň doly adyny aýtmakdan saklandylar.

Gyrgyzystanyň resmileri ýurduň azyndan 22 raýatynyň Siriýadaky söweşlerde öldürilendigini aýdýarlar.

Içeri Işler ministrliginiň maglumatyna görä, 200-den gowrak gyrgyzystanly Siriýa gidipdir, olardan 30 çemesi zenanlar.

XS
SM
MD
LG