Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Polisiýa ofiserleri wepat boldy


Polisiýanyň ulagyna edilen hüjümiň netijesi, Helmand, 22-nji ýanwar, 2015.

Polisiýanyň ulagyna edilen hüjümiň netijesi, Helmand, 22-nji ýanwar, 2015.

Owganystanyň günortasynda aýra-başga hüjümlerde alty polisiýa ofiseri wepat boldy.

Ýerli resmi Omar Zwak günorta Helmand welaýatynyň Laşkar Gah şäherinde 3-nji fewralda janyndan geçen hüjümçiniň awtoulagda goýlan bombany partlatmagynyň netijesinde iki polisiýa wekiliniň wepat bolandygyny we bäşisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

ABŞ-nyň we NATO-nyň goşunlary 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystandaky söweş missiýasyny formal taýdan tamamlansoň “Talybanyň” söweşijileri öz hüjümlerini güýçlendirdiler.

Günbataryň, esasan, ABŞ-nyň birnäçe müň harbysy Owganystanda galýar.

XS
SM
MD
LG