Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Iordaniýa iki jeňçini jezalandyrdy


Maaz Kasaesbehiň goldawçylary ajy habardan soň Karak tire diwanynda toplandylar. Amman, 3-nji fewral, 2015 ý.

Maaz Kasaesbehiň goldawçylary ajy habardan soň Karak tire diwanynda toplandylar. Amman, 3-nji fewral, 2015 ý.

Iordan hökümetiniň sözçüsi Mohammad al-Momani, «Yslam döwleti» jeňçi topary ýesir alnan iordan pilotynyň kapasada diriligine otlanyp öldürilişini görkzýän wideony ýaýradanyndan soň, yrakly jeňçi aýal Sajida al-Rişawiniň ýene bir yrakly jeňçi bilen bilelikde jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.

Al-Rişawi, aýdylmagyna görä, 4-nji ferwalyň daňdany başga bir tussag, Iordaniýa garşy dildüwşükler sebäpli ölüme höküm edilen yrakly jeňçi bilen bilelikde asylyp öldürildi.

Al-Rişawi Iordaniýanyň paýtagty Ammanda 2005-nji ýylda guralan üç myhmanhana partlamasy bilen baglylykda ölüm kamerasynda otyrdy, bu partlamalarda onlarça adam öldürilipdi.

Jezalandyrylyp öldürilen beýleki jeňçiniň Yrakdaky «Al-Kaýdanyň» işgäridigi we 2008-nji ýylda bir iordaniýalyny öldürenligi üçin ölüme höküm edilen Ziýad Karbolidigi aýdylýar.

YD jeňçileri al-Rişawiniň dekabryň aýagynda uçary Siriýada urlup ýykylanda ýesir alnan pilot Muaz al-Kasaesbehiň deregine azat edilmegini talap edipdiler.

«Yslam döwletiniň» jeňçileri tarapyndan internetde ýerleşdirilen wideo al-Kasaesbehiň diriligine otlanyp öldürilişini görkezýän bolup görünýär.

Ata oglunyň ganyny soraýar

YD tarapyndan öldürilen iordan piloty Muaz al-Kasaesbehiň kakasy Safi al-Kasaesbeh 4-nji fewralda Karakda, Iordaniýada žurnalistleriň öňünde çykyş edip:

«Men Muazy allanyň şehidi diýip bilýärin. Hudaý halasa, ol beýleki şehitler, gowy adamlar we pygamberler bilen jennetde jaý tapar. Meniň sabyr-kanagatym gözel sabyr-kanagat, men hudaýdan hemaýat dileýärin, iordan hökümetinden bolsa Muazyň gany üçin ar almagyny soraýaryn» diýdi.

Ol öz oglunyň ganynyň milletiň ganydygyny, milletiň ganynyň bolsa ýerde galdyrylmaly däldigini aýtdy.

Müsüriň Al-Ažar uniwersitetiniň, sünni yslamyny öwrenýän tanymal okuw jaýynyň baştutany bu wideo sebäpli gahar-gazabyny beýan etdi.

Ahmed al-Taýeb 3-nji fefralda çap eden beýanatynda «Yslam döwletiniň» terrorçylarynyň «öldürilmegine, haja çüýlenmegine, çapylyp bölek-bölek edilmegine» çagyrdy we olaryň muňa mynasypdygyny, sebäbi hudaýa we Muhammet pygambere garşy gidýändiklerini öňe sürdi.

BMG-niň çagyryşy

BMG-niň Baş wekretary Ban Ki-munuň sözçüsi Stefan Duýarriç 3-nji fewralda Nýu-Ýorkda, žurnalistleriň öňüne çykyş edip, Baş sekretaryň ähli hökümetleri adam hukuklary babatda alan borçnamalarynyň çäginde terrorizmi we ekstremizmi köki bilen köwlemek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrandygyny aýtdy.

Iordaniýanyň patyşasy Abdulla iordan pilotynyň ýakylyp öldürilendigi baradaky habar ýaýran mahaly Birleşen Ştatlardady.

Abdullanyň bu waka baradaky gysgaça beýanaty iordan telewideniýesinde ile ýetirildi, ol al-Kasaesbehiň öldürilmeginiň «yslama dahylsyz, jenaýatçy topar tarapyndan amala aşyrylan bigaýrat terror hereketi bolandygyny» aýtdy.

"Doganlar we uýalar, eziz ýurdumyzyň raýatlary we ogul-gyzlary, siz alla öz penasynda saklasyn. Biz bu gün uly hasrat astynda, gahyrman pilot Muaz al-Kasaesbehiň bigaýrat terror guramasy bolan Yslam döwleti toparynyň jeňçileriniň elinden şehit bolmagynyň yzýanyndaky gynanç we gahar içinde duşuşýarys” diýip, patyşa Abdulla aýtdy.

Şeýle-de ol «bu günki krizisiň garşysynda biziň ählimiziň bile bolmagymyz möhüm we bu bizi has güýçli hem-de bütewi eder» diýdi.

Abdulla ýurduna dolanmak üçin saparyny gysgaltdy, emma urgamazyndan öň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen duşuşdy. Bu gysga duşuşyk öňünden planlaşdyrylmandy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 3-nji fewralda Ak tamda žurnalistleriň öňünde çykyş edip:

"Eger-de bu wideo hakykatdanam asyl nusga bolsa, bu ol guramanyň nä-neneňsi elhenç we wagşydygynyň ýene bir görkezijisi bolar» diýdi.

"Meniň pikirimçe, biz golobal koalisiýamyzyň «Yslam döwletiniň» jeňçileriniň ysgyndan düşürilmegi, ahyrynda ýeňlip ýok edilmegi babatdaky hüşgärligini we aýgytlylygyny has artdyrmaly» diýip, prezident Obama sözüniň üstüni ýetirdi.

Iordan harbylary bu wideo çap edileninden soň YD jeňçilerine garşy jeza we ar alyş çäreleriniň görüljegini wada berdiler.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe pilotyň öldürilmegi bilen baglylykda Iordaniýa öz gynanjyny bildirdi.

YD soňky iki hepdede iki ýapon zamunyny jezalandyryp öldürdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG