Sepleriň elýeterliligi

Täjik oppozisioneri tussag edildi


Firdaws Sohibnazarow, 25-nji ýanwar, 2015

Firdaws Sohibnazarow, 25-nji ýanwar, 2015

Täjigistanda 1-nji martda boljak parlament saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak niýetini mälim eden oppozision syýasatçy ogurlykda aýyplanyp, tussag edildi.

Firdaws Sohibnazarowyň ejesi oglunyň 3-nji fewralda ele salnyp, Kurghondeppa şäheriniň türmesine äkidilendigini 4-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Sohibnazarow Sosial demokratik partiýasynyň Huroson etrabynda ýerli bölümine ýolbaşçylyk edýär.

Partiýanyň milli lideri Rahmatullo Zoirowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Sohibnazarowa ýöňkelýän aýyplama onuň maliýe bilermen hökmünde işlän bankda 43 müň amerikan dollarynyň ýitirim bolmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Täjigistanyň Sosial demokratik partiýasy Sohibnazarowyň kandidaturasyny parlament saýlawlarynda dalaşgär hökmünde geçen aýda öňe sürdi. Emma 31-nji ýanwarda onuň derňew astynda bolmagy sebäpli saýlawlara gatnaşdyrylyp bilmeýändigi barada resmi duýduryş berildi.

Sohibnazarow özüne garşy galp aýyplamalaryň saýlawlara gatnaşdyrylmazlygy üçin öňe sürlendigini AÝ/AR-na aýtdy.

XS
SM
MD
LG